- degmek
- işlik1) Bir zat ikinji bir zat bilen galtaşmak, ýanaşmak.2) Atyp ýa-da salyp nyşana we ş. m. galtaşdyrmak, urmak.∙ Daş baryp yzky maşyna patlap degdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)∙ Iki sany ok maşynyň gapdal demrine degipdir. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)3) Ýokuşmak, sürtülmek.∙ Wepanyň eline bir hili ýelmeşik zat degdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)4) Öz bahasyna, nyrhyna, gymmatyna mynasyp bolmak.∙ Kyrk guzuly goýna degip duran mata-da bereýin. («Görogly» eposy)5) Azar bermek, ynjatmak.6) Göçme manyda Oýun etmek, bälçireşmek.∙ Ýöne bu zatlary bize degip aýdýarsyň-la? («Görogly» eposy)∙ Aşyr Maýsa degip güldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ agyr degmek — seret agyr∙ Bu sorag Gylyç Gajar ogluna örän agyr degdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)◊ degip geçmek — Az wagtlaýyn barmak, baryp gitmek, biriniňkä sowlup geçmek.∙ Eger ertir ony görseňiz, onuň bir minutlykça meniň öýüme degip geçmegini soraň. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)◊ el degmek — seret el◊ göwne degmek — seret göwün∙ Düýn seniň göwnüňe degipdir ejem, Şol hakda gürleşip otyrdyk biz hem. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Geregim, men onuň göwnüne degdim. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ göz degmek — seret göz∙ Diýýär: --Göz degmegiň tarapdary sen, Ýel tursa-da, borsuň sebäpkäri sen. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ gulaga degmek — seret gulak∙ «Syrtlan barmyş» sesi gulagyna degeli bäri, ol indi gijelerine üzümiň içine-de girip bilenok. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ janyna degmek — seret jan∙ Bu sözler Böriýewiň janyna degdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Bu enäniň janyna degdi. (M. Gorkiý, Ene)◊ ok bolup degmek — Güýçli täsir etmek, örän gynandyrmak.◊ suwuna degmek — seret suw◊ ýokuş degmek — seret ýokuş∙ Artygyň soňky sözi Aşyra ýokuş degdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Dogrusy, bu ýagdaý oňa birneme ýokuş degdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.